turklehceleri.org

hatar

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

hatar

I, at.1.Bir meňzeş zatlardan ýa-da adamlardan bir ugurda, bir çyzykda düzülen setir, nyzam. Hatarda ner bolsa, ýük ýerde galmaz (Nakyl). 2.Bir ugra uzalyp gidýän jaýlar, syrgyn. Olaryň öýleri biziň gaýramyzdaky hatarda. 3.Bir gurama, topara degişli adamlaryň jemi. Men urşuň başlarynda goşun hataryna çagyryldym. 4.Ok, peşeň salnyp bile daňlyp, eginden asylyp göterilýän awçylyk enjamy.
 ‣ Hatardan çykarmak zaýalamak, ulanyşdan galdyrmak. Güýçli aýazlar ençeme miweli agaçlary hatardan çykardy. Hatardan çykmak zaýalamak, ulanyşdan galmak. Öň hatarda bir zadyň başynda ilkinjisi bolup, ileri tutulyp.


HATAR II, syp., ser.Hatarly. Emma ol geçelge ýönekeý, aňsatja geçäýmeli ýer bolman, gaty hatar ýer ekeni, ondan diňe batyrlar geçip biljek ekeni (A. Gow- şudow).


Son arananlar: