habar
Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)
habar
[havar], at.1. Biri ýa-da bir zat barada mälim edilýän maglumat, aýdylýan gürrüň. Bu habar derrew oba ýaýrady. 2.Döwürleýin neşirlerde çap edilýän kiçiräk makala. 3.dil b. Sözlemiň eýesi dogrusynda maglumat berýän, bir zadyň hereketini ýa- da ýagdaýyny aňladýan baş agzanyň biri. Sözlemiň eýesiniň we habarynyň aşagyny çyzyň.
‣Habar almak biriniň hal-ýagdaýyny bilmek üçin ýanyna barmak, habar tutmak. Habar alyň, han Saýada ne boldy? (“Saýatly – Hemra”). Habar bermek (etmek) bir zat hakynda habarly etmek, bir habary, maglumaty bir ýere, birine mälim etmek, eşitdirmek. Ol telefon arkaly habar etdi. Habar beriş serişdeleri habardyr maglumatlary ýaýradyp, köpçülige ýetirmek üçin radio-telewideniýe, gazetler we ş.m. serişdeler. Habar gatmak biri bilen tanyşmak, gepleşmek üçin söz açmak. Habar tutmak ser. Habar almak.Gyzy: “Ejemden habar tutaýyn” diýip, oba gitdi. Habary bar agzy hapa, neşekeş. Onuň her hili neşelerden hem habary bar öýdýän. Habaryny almak 1) aňyrdan gelen adamyň habaryny, haýyşyny we ş.m. diňlemek; 2) sawçylaryň habaryny, teklibini deslapky kabul etmek. Gyzyň ene-atasy sözaýdyjylaryň habaryny alypdyr.