turklehceleri.org

görmek

Türkiye Türkçesi – Tatarca Sözlük (Ganiyev, 1998)

görmek

ф. 1) төрле мәгъ. күрү; 2) күрешү, күрешеп сөйләшү ◊ görmediğe dönmek 1) тәмам савыгып җитү; 2) кайгы-хәсрәтне оныту

Karşılaştırmalı Türk Lehçeleri Sözlüğü (Ercilasun, 1991)

görmek

Türkiye Türkçesi: görmek
Azerbaycan Türkçesi: görmäk
Başkurt Türkçesi: küriv
Kazak Türkçesi: körüv
Kırgız Türkçesi: körṻ tiktȫ
Özbek Türkçesi: körmàḳ
Tatar Türkçesi: kürü
Türkmen Türkçesi: görmek
Uygur Türkçesi: körmäk
Rusça: videt'

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

görmek

[görmök] I, işl. 1. Görüş ukybyna eýe bolmak. Bent bolupdyr gören gözler, Syýa bolmuş gözel ýüzler (Magtymguly). 2. Seretmek, äňetmek, bakmak, synlamak. Ol daşyndan göräýmäge türkana ...adam ýalydy (N. Jumaýew). 3. Güman etmek, çak etmek. Köp adamlar Merediň bu ýagdaýa düşmegini Nazardan gördüler (B. Pürliýew). 4. göç.m. Biri bilen duşuşmak, birine gabat gelmek. Seniň ýadyňa düşýändir, men seni Maryda görüpdim. 5. göç.m. Bir ýagdaýy, wakany başdan geçirmek, şaýady bolmak. Ýaşuly, sen öz döwrüňde köp zady görensiň, bize ýaşlygyň barada gürrüň bersene!6. Hal işligiň şekilini ýa-da başga bir şekiliň goşulmasyny kabul eden görmek işliginden soň bolmak, durmak ýaly işliklergelip, täze manyly düzümli işlikler ýasalýar: Görüp bolmak 1) seredip çykmak işini tamamlamak. Kompýuteri ýapaý, görjek zatlarymy görüp boldum. 2) görmek mümkinçiligi emele gelmek. Şu eserde türkmen gyzlarynyň durmuşyny görüp bolýar. Görüp durmak gözi bilen görmegi döwam etdirmek. Onuň bolup durşuny adamlar görüp dur. Görüp gaýtmak baryp görüp, yzyňa dolanmak, görüp yzyňa öwrülmek. Obamyza gidip, enem-atamy görüp gaýtsam diýýän. Göresiň gelmek ýüregiň küýsemek, görmek islegi güýçlenmek. Bile okan ýoldaşlarymy göresim gelýär. 7. Görmek kömekçi işliginden öň käbir isimler gelip, täze manyly düzümli işlik ýasalýar: Kyn görmek haýsydyr bir işi, haýyşy we ş.m. ýerine ýetiresi, bitiresi gelmezlik. Erbet görmek 1) gözüniň görşi pes bolmak. Onuň çep gözi erbet görýär. 2) biriniň hereketi ýaramazlyk, biriniň bolşuny halamazlyk. Oňa bir söz aýtdym weli, gaty erbet gördi. Gowy gormek 1) gözüniň görşi örän oňat bolmak. Gözüm gowy görýär. 2) biriniň bolşy, haýsydyr bir hereketi ýaramak, bir zady oňat görmek; birini halamak, söýmek. Men onuň erjelligini gowy gördüm. Çagany gowy görmek onuň endigidi. Ýigit gyzy kesesinden gowy görýärdi. 8. Görmek kömekçi işliginden öň käbir işlikler gelip, täze many öwüşginli düzümli işlik ýasalýar: Ýazyp görmek iň bolmanda bir gezek ýazmak. Sen heý goşgy ýazyp gördüňmi? Okap görmek iň bolmanda bir gezek okamak. Şahyryň goşgular ýygyndysyny okap gördüm.
 ‣Gördüm, bildim ýok hiç hili habar-hatyr ýok (atsyz-sorsuz, nam-nyşansyz, dereksiz ýiten adam hakynda aýdylýar). Ol hakda gördüm, bildim ýok, şol gidişi gidişi boldy.Gördüm etmezlik derrew iýip gutarmak.Uzak ýoldan surnugyp gelen myhmanlar öňlerinde goýlan naharly tabagy gördümem etmediler. Görene göz bolmak iliň gözüniň alnynda masgara bolmak, betnam bolmak. Görer ýaly etmezlik bulam- bujar etmek, eden zadyny, işini ýaramaz ýerine ýetirmek. Içerini, daşaryny hapalap, görer ýaly etmänsiň. Görüp goýan ýaly belet, tanyş. Ol oglanjyk name iş buýursam, edil görüp goýan ýaly, gül ýaly edip ýerine ýetirýär. Görüp otursam pikirlenip görsem. Görüp otursam, ol bizin daşgynrak garyndaşymyz eken.


GÖRMEK [görmök] II, at,ser. Görk.


Son arananlar: