gyzyl
Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)
gyzyl
I, syp.1. Gan reňkine çalymdaş reňkli, gyrmyzy. 2. Oglana dakylýan at.
‣ Gyzyl aç gaty ajygan (adam hakda). Uzak ýoldan gelen myhmanlaryň öňünde çaý-nahar goýdum welin, gördümem etmediler, gyzyl aç ekenler. Gyzyl kitap bütin dünýäniň haýwanlarynyň, ösümlikleriniň seýrek görnüşleriniň ýaýran ýerleri, olary goramagyň çäreleri hakynda maglumat berýän kitap. Gyzyl ýumruga girmek ýumruk salşyp uruşmak, ýumruklaşmak.
GYZYL II, at. 1. Sary reňkli gymmatbaha metal, altyn, tylla, himiki element. Sap gyzyl. 2. Şeýle metaldan ýasalan önüm, altyn zatlar, bezegler. Gyzyl sagat. Gyzyl ýüzük. Gyzyl diş. 3. göç.m. Mertebesi, hümmeti, hili, häsiýeti bilen tapawutlanýan, örän gowy, gymmatly.
‣ Gyzyla doňmak örän köp şaý-sep dakynmak. Gyzyla dönmek örän gerekli bolmak. Sendenem zat dilän özüň bolma, soran zadyňy aljak gümanyň ýok, edil gyzyla dönäýýär. Gyzyla gaplaýmaly gymmatly, bahasyna ýetip bolmaýan. Atalaryň gyzyla gaplaýmaly sözleriniň belli bir bahasy ýok. Gyzyl bolmak gowy adam hatarynda diýip hasap edip, gaty gowy görmek. Düýnki gün halaman ýören adamyň bu gün gyzyl bolaýdymy? Gyzyl pul walýuta. Gyzyl tapan ýaly bolmak keýpiň kök bolmak, şatlanmak, begenmek. Gyzylyň gyryndysy ýaly 1) örän owadan, görmegeý. Ol gyz iş geýiminiň içinde gyzylyň gyryndysy ýaly bolup görünýärdi. 2) gymmatly, arzyly. Gyzyl ýaly adamkärçilikli, medeniýetli, mähirli, tapylgysyz.
GYZYL III, at. Harman atylyp, arassalanan bugdaýyň üýşmegi, sap galla. Harmanlar atylansoň, onuň gyzyly bir ýere üýşürildi.