turklehceleri.org

gyrgyn

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

gyrgyn

[gyrğyn] I, at,lukmanç. Köpçülikleýin häsiýetli ýokanç kesel, gyran.
 ‣ Gyrgyna bermek 1) ölüme sezewar etmek. Şasepit agyr ýygnyny gyrgyna berip, özi zordan gaçyp gutuldy (“Görogly”). 2) göç.m. adamlary gaty gülüşdirmek, güldürip kese ýykmak. Ol her hili toslama gürrüňleri bilen oturanlary gülüşdirip gyrgyna berdi. Gyrgyna salmak gyran-jyran etmek, horlamak, heläkçilige sezewar etmek.


GYRGYN [gyrğyn] II: gyrgyn suw ýata şor suwuň ýüzüne ýygnanýan süýji suw.


Son arananlar: