gulluk
Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)
gulluk
at. 1. Gul ýagdaýynda bolmaklyk, erksizlik, biriniň gol astynda bolmaklyk. 2. Gullukçynyň ýerine ýetirýän käri, wezipesi, işi, iş ýeri. Gulluk wezipesi. 3. Harby gullukçynyň harby borjy, ýerine ýetirýän wezipesi. Meni goşun gullugyna kabul etdiler. Ol harby gullukdan ýaňyrak gaýdyp geldi. 4. Biri ýa-da köpçülik-jemgyýetçilik üçin edilýän hyzmat. 5. "Hyzmata taýýardyryn, näme ýumuş bar, baş üstüne" diýmegi aňladýan ýüz tutma söz. – Gulluk – diýip tagzym etdi.
‣ Gulluk etmek 1) hyzmat etmek. Men goşunda deňizçi bolup gulluk etdim. 2) bir zada uýmak, bir pikiri, işi we ş.m. dogry tapmak we ony goldamak, tarapdar bolmak. Sen şol pikiriň haýsysyna gulluk edýärsiň?