goli
Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)
goli
at. 1. Bedeniň eginden eliň tä barmaklaryna çenli bolan aralygy, bölegi. 2. Mal soýlanda kesilip alynýan iki öň aýagy. Goýnuň iki goly. 3. gepl.d. El. Men bu gün dostumy ýatlap, goluma galam aldym (“Edebiýat we sungat”). 4. Bir ýazgynyň, hatyň, suratyň we ş.m. aşagyna öz eliň bilen ýazylýan şahsy bellik. 5. Käbir ösümlikleriň, agaçlaryň baldagy, şahasy. Erte seniň garpyzlaryň, kädileriň goly bütin goly tutar (N. Esenmyradow). Üzümiň goly.
‣Gola düşmek tutulmak, ele düşmek. Gapyl bolup gola düşdüm, Zaňňar, sen men-menlik etme! (“Görogly”). Gola salmak 1) öz ygtyýaryňa, garamagyňa geçirmek, öz erkiňe boýun egdirmek; edinmek. Ussa şol gyzy görmek we ony nähili gola salmagyň pikirinde boldy (A. Durdyýew). 2) tutmak, ele salmak. Gol astynda biriniň garamagynda, tabynlygynda, erksiz, elgarama ýagdaýda.Gol bermek 1) ynanýan zadyňa uýmak. Sopuçylyga gol bermek. 2) birine bir hünär boýunça şägirt bolmak, birini halypa tutunmak. Yhlas bilen bir kämile gol bereniň mydama maksady myrat tapar (“Nesil”). Gol bulamak elini hereketlendirip, yşarat edip, bir zat hakynda duýdurmak; çagyrmak. Goldan bermezlik mümkin bolan pursatdan doly peýdalanmak, pursady sypdyrmazlyk, elden çykarmazlyk. Goldan gitmek elden çykarmak, pursaty, mümkinçiligi gidermek; eýeçiliginden mahrum bolmak. Gol gowşurmak 1) iki eliňi gowşuryp, hyzmata taýyndygyňy bildirmek, "lepbeý" diýip durmak. 2) işlemän bikär durmak, işsiz durmak, iş etmezlik. Gol götermek 1) ýygnakda, saýlawda ses bermek, razylyk bildirmek, eliňi galdyrmak. Iki adam sese goýlanda birinjisine gol göteren köpeldi. 2) işiň rowaç, şowly bolmagy we şowuna düşmegi üçin pata bermek, doga okamak, dileg etmek. Ýeňiş bilen gaýdyp gel diýip, ene ogluna gol göterip pata berdi. Gol sermek bir zat bermeklerini haýyş etmek, eliňi serip, bir zat dilemek, soramak. Golundan götermek goldamak, kömek bermek, goltgy bermek, ezeneginden galdyrmak. Sen bolsaň, işe günortan gelýärsiň, şumy seniň ýetişip, ataň golundan göterişiň? (A. Durdyýew). Gol uzatmak birine ýardam etmek, kömek etmek. Goly bagly bir işi, hereketi amala aşyrmaga ygtyýary, erki ýok, garaşly. Goly bagly syrdaşlarňyz unutmaň! (Ş. Kekilow). Goly ýukalyk elinde harjysynyň az bolmagy. Adamlar indi goly ýukalykdan kösenmezler. Gol ýapmak biriniň arkasyny tutmak, birine arka durmak.