turklehceleri.org

höwür

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

höwür

I, at. Gümür-ýamyr eder ýaly hemra, ýoldaş, ýanyňda bolýan mal-gara. Obanyň ähli çagalary Gajar agany söýýärdiler we ony hormatlaýardylar, gyşyn-ýazyn Gajar aganyň höwri hem şol çagalar bolýardy (A. Gowşudow).
 ‣ Höwri köp bolsun! düýe botlanda, sygyr, goýun, geçi guzlanda, "baş sany artsyn" diýlip aýdylýan alkyş.


HÖWÜR II, syp. Erkek mal. Höwür at. Höwür erkek.
 ‣ Höwre gelmek urkaçy, inen malyň öndüriji erkek mal bilen çaknyşmak wagty ýetmek. Meniň şu tohum gylýalym höwre gelipdir (“Görogly”). Keýikleriň höwre gelen bir wagtydy (A. Gowşudow). Höwre goýmak inen, urkaçy maly erkek malyň ýanyna goýberip çakyşdyrmak. Şu günler biz öz sürimizi höwre goýmaklyga taýýarlaýarys.Höwre gysylmak erkege gelmek (inen düýe hakynda). Höwürden çykmak urkaçy, inen mallaryň höwre gelme döwri geçmek. Höwür möwsümi esasan, goýundyr geçini köpçülikleýin goçdan, tekeden çykarmak döwri. Höwür möwsümi döwründe mallara has hem gowy seretmeli bolýar (K. Berdiýew). Höwür seçmekemişdirilen guzudyr owlagy enelerinden saýlamak.


Son arananlar: