turklehceleri.org

gaçmak

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

gaçmak

işl. 1. Ýere tarap aşak düşmek, gaýtmak. Jaýyň ýele ýüzüniň suwaglary gaçyp, kerpiçleri görnüp durdy.2. Bir zatdan, adamdan gutulmak, başyňy gutarmak üçin ylgap gitmek. Gaçan gutular, duran tutular (Nakyl). 3. Bir sebäbe görä, ýurdundan, ýerinden, işden ygtyýarsyz çykyp gitmek, zym-zyýat bolmak. 4.Böwedi ýykyp akmak. Suw ýene böwedi ýykyp gaçypdyr. 5. sazç. Iki ýa-da ikiden köp sazanda bilelikde saz çalanda, sag tarapda oturýan ussat sazanda tarapyndan saz özbaşdak alnyp gidilmek. Ussat sazanda "Bolmuşamy" gaçýardy.
 ‣Gaçyp gutulmak halas bolmak, başyňy gutarmak. Aşak gaçmak pese düşmek, gymmaty aşak düşmek, arzanlamak. Nyrhlar aşak gaçypdyr.


Son arananlar: