turklehceleri.org

gary

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

gary

at. 1. Geçi, goýun, it ýaly haýwanyň iki öň golunyň injik süňki we dyzdan syňraga, penjä çenli bolan aralyk. Göwnüme bolmasa, Garakelle möjeklere goýun aldyranyny gaty namys edýän ýalydy, garysyny ýassanyp, sus ýatyrdy (B. Annageldiýew). 2. Ýarym gulaja barabar ölçeg birligi. Dünýä ýygan gider emlägin goýup, Geýip gider alty gary bizleri (Seýdi). Balyklar möwç urar derýa teýinde, Bäş gary tirmesi bardyr bilinde (Zelili).
 ‣ Garyňa daýanmak öz güýjüňe, gaýratyňa daýanmak, gaýrata galmak, özüňe gerek işi özüň etmek, her bir zada hötde gelmek. Indi biz öz garymyza daýanmaly. Garyňa galmak ýatan ýeriňden tirsegiňe galmak, göwräňi ýerden çala galdyrmak.


Son arananlar: