gamyş
Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)
gamyş
at. 1. Suwluk ýerlerde bitýän, bogun- bogun uzyn baldagynyň içi gargynyňka garanda inçe deşikli köpýyllyk ösümlik. Gamşy gowşak tutsaň, eliňi gyýar (Nakyl). Myrat jan, saňa tüýdüklik gamyş saýlap goýdum (“Edebiýat we sungat”). 2. Şol ösümlikden öýüň täriminiň daşyndan aýlamak üçin örülen serişde. Öýüň gamşy syryldy.
‣ Gamyş ganat bolmak 1) etenelikden geçip, ýelek çykaryp, ganat baglap ugramak. Ýaňyja gamyş ganat bolan gögerçin, Uça bilmez güýçli ýeller ösende (G. Seýitliýew). 2) göç.m. Uçurym bolmak, kemala gelmek, ýetişmek. Gamyş gulak ujy çowly, dik gulak, gaýçy gulak. Bu meýdanda bolsa şu obanyň gara gulak düýeleri, bozbaş goýunlary, dik boýun, gamyş gulak gylýallary ýaýrap gezer ekeni (N. Pomma). Gamyş köpri ýöntem, çalamydar, berk bolmadyk.