turklehceleri.org

gadyr

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

gadyr

at. 1. Birek-birege goýulýan sylag, hormat,hatyra, sarpa. 2. Bir zadyň ähmiýetiniň derejesi, gymmaty, bahasy. 3. Oglana dakylýan at.
 ‣ Gadyr agajy adam jaýlananda onuň gonamynyň baş ujuna dikilýän agaç. Gadyr agajyny dikmek sylag-hormat etmek. Gadyr bilmez edilen hormat- sylagy bilmeýän.Ol bir gadyr bilmez adam eken. Gadyr gijesi oraza aýynyň 27-sine geçilýän gije. Gadyryň öýi gadyr, hormat edegen, gadyrly, gadyrdan. Ol gadyryň öýüdir, barsaň, öýüniň niresinde oturtjagyny bilmez.Gadyryňy artdyrmak geregiňi artdyrmak, hondanbärsi bolmak, arzyňy artdyrmak, näziňi çekdirmek. Ýeri, gadyryňy artdyryp oturma.Gadyryňy gaçyrmak öz hereketiň bilen sylagyňy gaçyrmak, hormatdan düşmek, arzyňy gaçyrmak. Bir ýere kän baryp, gadyryňy gaçyrma.


Son arananlar: