turklehceleri.org

düýp

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

düýp

at.1.Derýanyň, deňziň, kölüň we ş.m. aşagy, aşagyndaky gaty ýer. Derýa alabaharda, ýazda joşup, tomsuna kesilýäni üçin, häzir onuň düýbünde azajyk agyz suwy akýardy (B. Kerbabaýew). 2.Bir zadyň, gabyň we ş.m. iç ýüzüniň aşagy, teýi. Käsesiniň düýbünde galan çaý.3.Bir zadyň aşak tarapyndaky ýer, aşagy, asty. Goşa çynaryň düýbünde iki sany gartaşan sazanda başlaryny batly-batly silkäp, joşup saz çalýardy (G. Kulyýew). 4. Öýüň töri. Ol ikisi düýpde, dokmalarynyň üstünde ýüzlerini galdyrman çitýärdiler (A. Durdyýew). 5.Käbir düýpleýän ösümlikleriň kök gurluşy. Käşiriň düýbi. 6. Agaçlaryň we beýleki ösümlikleriň mukdaryny görkezmek üçin sanysözüniň manysyny berýän söz. Onuň on düýp erik agajy, ýigrimi düýp üzümi, iki düýp hem tut agajy bardy (B. Seýtäkow). 7.Gurluşyk desgalarynyň daşdan we ş.m. edilen esasy, binýady. Jaýyň düýbüni tutmak. 8. Ösümligiň hasyly kökünde bolan görnüşi. Düýp sogan. 9. göç.m. Asyl mazmun, asyl, esas, özen, many. Häzir bolsa şol çakylygyň düýp sebäbi anyk boldy (B. Kerbabaýew).
 ‣Düýbi düz soňy gowy, ahyry oňat, ahyry gowy. Aý, ýigitler, gürrüň köp, ýöne sesiňizi çykarmaň-da işläberiň, hemmesiniň düýbi düz (A. Gowşudow). Düýbüne ýatmak düýpgöter ýok etmek, soňuna çykmak. Düýbüni deşmek hemmesini alyp tüketmek, iýip gutarmak. – Boldy-la, Aky, düýbüni deşjekmi? Bizi ät goýduň (N. Esenmyradow). Düýbüni tutmak esaslandyrmak, esasyny goýmak. Çagalaryň saglygynyň düýbüni tutmagyň esasy usuly ene süýdi bilen iýmitlendirmekdir (Gurbanguly Berdimuhamedow. Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr). Magtymguly türkmen edebi diliniň düýbüni tutan şahyrdyr. Düýp almak (almazlyk) kök urmak, gögermek. Mekdebiň töwereginde ýaşajyk agaçlar oturdylan bolsa-da, heniz oňly düýp almanlary üçin inçemik çybyklara çalym edýärdi (B. Kerbabaýew). Düýp işlik asyl we ýasama işlikleriň söz hökmünde many aňladýan bölegi. Düýp söz asyl we ýasama sözleriň soňuna söz üýtgediji goşulmalar goşulanda, onuň öz manysynyň üýtgemeýän bölegi. Düýp tutmak 1) kök urmak; 2) mazaly ornaşmak, oňat ýerleşmek, orun tutmak.


Son arananlar: