turklehceleri.org

düwünçek

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

düwünçek

[düwünçök] I, at.1.Içine her hili zat salnyp düwlen ýaglyk ýa-da mata bölegi. Çaý wagtynda her kim öz düwünçegini açdy (“Edebiýat we sungat”). 2.Içine süýji, köke ýaly zatlar salnyp düwlen toýpaý ýaglyk. Bu üç düwünçegiň üçüsem Mähri gelnejem bilen Azat jigimden (A. Nazarow).
 ‣Düwünçegiňe düwmek bir aýdylan zady, eşiden sözüňi we ş.m. berk bellemek, ýatdan çykarman içiňde saklamak. Ejem sazy düwünçegine düwäýjek ýaly üşerilýär, pyşyrdaýar (“Edebiýat we sungat”).


DÜWÜNÇEK [düwünçök] II, at. Gök-bakja ekinleriň, miweli agaçlaryň we ş.m. ýaňy düwüp başlan hasyly, miwesi. Ine, şujagaz ujypsyzja düwünçek geljekki içi köz ýaly äpet garpyzyň naýçasy bolmalydy (N. Esenmyradow).
 ‣Düwünçege durmak gülden çykyp, düwüp başlamak. Gawun-garpyzlar düwünçege durupdyr.


Son arananlar: