turklehceleri.org

depmek

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

depmek

I, işl. 1. Toýnak salmak; aýagyň bilen urmak. Eşek semrese, eýesini deper (Nakyl). Mährijemal içini gepledip, assa ýöräp, şol wagt top depip oýna gyzan Keljä ýakynlaşdy (A. Gowşudow). 2. Ot açýan ýarag atylanda bady yzyna urmak. Ýok, sen atyp bilmersiň, bu tüpeň gaty depýär. Seni dagyny depäýse, edil serrelder goýbär (A. Durdyýew). 3. gepl.d. Atyň, eşegiň böwrüne depgilägede çapdyryp gitmek. Anha, atlar eýerlengi dur. Howatyrly ýagdaý duş gelse, müner-de deperin (B. Kerbabaýew).
 ‣ Depseň yranmaz (deprenmez) egsilmez, mizemez, tükeniksiz (mülk, baýlyk, döwlet barada). Her näme-de bolsa, ol depseň yranmaz döwletiň eýesidi (A. Gowşudow).


DEPMEK II, işl. Ýeri pil bilen agdarmak, agdaryp ýumşatmak, bejermek. Salmanyň ep-esli ýerini depip gyrçanda, onuň ýagyrnysyna der çykdy (R. Gelenow).


Son arananlar: