turklehceleri.org

degmek

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

degmek

[değmek], işl. 1. Bir zat ikinji bir zat bilen galtaşmak. Demir esbaplar biri-birine degip seslenýärdi (B. Seýtäkow). 2. Ok atylanda, daş zyňlanda we ş.m. nyşana ýa-da başga bir zada galtamak, baryp urulmak. Söweşleriň birinde onuň çep aýagyna ok degip, gospitala düşüpdi. 3. Galtaşyp, ýanaşyp tegmil galdyrmak, yz goýmak, ýokmak, ýokuşmak. Wepanyň eline bir hili ýelmeşik zat degdi (A. Gowşudow). 4. Gymmaty, ähmiýeti we ş.m. çekilen zähmete, azaba barabar bolmak, laýyk bolmak. Kyrk guzuly goýna degip duran mata-da bereýin (“Görogly”). 5. Azar bermek, ynjytmak. Biz degmedige degen adam däl (“Görogly”). 6. Oýun etmek, bälçireşmek. Myrat aga ugran badyna Esen lagar goýny getirip, sürä goşdy-da, Berdä degmäge başlady (H. Derýaýew). 7. Bir ýere baryp, görüp geçmek. Ertir meniň öýüme degip geçiň. 8. göç.m. Oňyn täsir etmek, keýpiňi kök etmek, maza bermek. Ýöne çaý degen wagty käwagt açylyp, gürrüň edäýmesem bar (H. Garabaýew). 9. göç.m. Eliňe bir zat düşmek. Bir çopan goluna degse bir almaz, Çakmak daşy eder, gadryn näbilsin (Magtymguly).
 ‣Degene gözüm menden däl etmek etjegiňi edip, kime näme bolsa, şol bolsun, meniň işim ýok diýmek, kime nähili derejede zyýan ýetirjegiňi göz öňüne getirmän, ýerliksiz hereket etmek.


Son arananlar: