turklehceleri.org

bagt

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

bagt

[bağyt], at. Doly suratda we ýokary derejede kanagatlanma duýgusy hem-de kanagatlanarlykly ýagdaý (durmuşyňdan, ýaşaýşyňdan razylyk, hoşallyk; şatlyk ýagdaýy we ş.m.).
 ‣ Bagta töwekgellik etmek bagty synap görmek, töwekgellik bilen bir iş etmäge synanyşmak. Näme-de bolsa, bagta töwekgellik edip, haty eltip bermeli (“Görogly”). Bagt guşuň uçmak işiň şowly bolup başlamak, işiň şowuna düşüp ugramak. Bagt guşy gonmak işi rowaçlanmak, edeni ugruna bolmak, ugur almak. Bagt tapmak işde, durmuşda üstünlik gazanmak, eşrete ýetmek. Bagty gara eden işi şowuna düşmeýän, gara bagt. Bagtyňa boragan (boran) ýagmak şowsuzlyga sezewar bolmak, işiň şowsuz bolmak, işiň gaýtmak. Bagtyň açyk (ak) bolsun! Işiň şowly, durmuşyň eşretli bolsun! Bagtyň açylmak 1) eşretli durmuşa ýetmek, işiň ugruna bolmak, işiň rowaçlanmak. 2) durmuşa çykmak, durmuş gurmak, öýlenmek. Bagtyňa gara çekilmek başyňa iş düşmek, betbagtlyga uçramak. Bagtyň baglanmak eşretli durmuşdan mahrum bolmak, işiň ugur almazlyk, işiň gaýtmak. Bagtyň çökmek ser. Bagtyň ýatmak. Eý, dostlar, çöken bagtym, Gije-gündizi oýanmaz (Magtymguly). Bagtyň çüwmek ser. Bagtyň daş ýarmak. Bagtyň çüwdümi? Hezil edin-de, maşgalaň bilen äbe-de-jüýje bolup ýaşa-da ýör-dä (A. Gurbanow). Bagtyňdan çykmak duçar gelmek, sezewar bolmak, paýyňa düşmek. Bagtyňdan görmek näme bolsa öz ykbalyňdan, durmuşyňdan görmek. Bagtyň daş ýarmak bagtyň getirmek, örän bagtly bolmak, edeniň şowuna düşmek.Bagtyň garalmak işiň şowsuz bolmak, betbagtlyga uçramak, işiň gaýtmak. Bagtyň gelmek (getirmek) eden işiň ugur almak, işiň rowaç bolmak. Bagty gelen türkmeniň bu ajap eýýamyny görmäge göz gerek (“Türkmenistan”). Bagtyň işlemek (ýöremek) işiň ugruna bolmak, işiň rowaçlanmak, şowuna düşmek. Bagtyň oýanmak işiň ugruna bolup başlamak, işiň rowaçlanmak. Bagtyňy synamak bagta töwekgellik etmek, synanyşyp görmek. Bagtyň ýatmak çykgynsyz ýagdaýa düşmek, betbagtlyga uçramak, işiň gaýtmak. Indem ýagdaý şeýle, kömek etmeseň, Bagtym ýatdy, sen dadyma ýetmeseň (B. Japarow).


Son arananlar: