açylyşmak
Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)
açylyşmak
işl. 1. Kem-kemden açylmak, yzly-yzyna açylmak, açylyp ugramak. Ýagşa otlaryň ýüzi ýuwlup, dürli güller açylyşypdy. 2. Aýrylyşmak, biri-birinden daşlaşmak, maşgalany bozmak. 3. Howa ümürsiz-dumansyz bolup başlamak, kem-kemden durlanmak, arassalanmak. Ýagan ýagmyrdan soň howa açylyşdy we läbikli suwlar durlandy. 4. Kem-kemden sagalmak, aýňalmak, gutulyp başlamak, bäri bakmak. Ol indi dümewden açylyşdy. 5. Bir zadyň ýygyrdy, epini ýazylyşmak, ýazgyn ýagdaýa geçmek. Ýygyrdy ýazylan köýnek. Buýrasy açylyşan telpek. 6. göç.m. Keýpi kem-kemden kök bolmak, keýpi saz bolup başlamak. Elkyssa, Elbent bagşy bu sözüni tamam edip, Sona gelniň açylyşmagyna garaşdy (“Nejep oglan”). 7. Ýüze çykan dawanyň bellisini etmek, ony çözmek. Goňşyňyz bilen ýer dawaňyz bar ýalydy-la, açylyşyp bildiňizmi?