turklehceleri.org

asyl

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

asyl

at. 1. Düýp gelip çykyş, döreýiş nokady, başlangyç; ýerlik. Indi sen bizlere aslyňy beýan et (“Görogly”). Ýagşylardan hergiz çykmaz ýamanlyk, Asly ýaman bolsa, çykmaz ýagşylyk (Magtymguly). 2. Hakyky, tüýs, esasy, düýp. Bedasyl beg gullugynda ýörinçäň, Asyl begiň saýasynda kül bolgun (Magtymguly). 3. Düýpden, düýbünden, asla; hiç haçan, hiç wagt. Emma seniň kimin tisginmezek adamyny şu güne çenli asyl görmedim (N. Pomma). 4. Edep, edep-ekram. Bolup oturyşyň nähili, düýbünden asylyň ýok, adam diýeniň asyllyrak bolar. 5. Eýsem, ýogsa-da bolsa we ş.m. köp many öwüşginli söz. Ol asyl meniň gözläp ýören adamym eken.


Son arananlar: