turklehceleri.org

alkyş

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

alkyş

at. Biriniň eden ýagşylygyna, adamkärçilikli hereketine gaýtargy hökmünde aýdylýan oňat dileg, ýagşy niýet. Ýagyş bilen ýer gögär, alkyş bilen är gögär (Nakyl). Ýagşylykda ile özün tanadan, Alkyş alyp, derejesi zor bolar (Magtymguly). Enem pahyr maňa tebipçiligi öwredip ýörkä: "Altyn alma, alkyş al" diýerdi (“Türkmenistan”).
 ‣Alkyş okamak alkyş aýtmak. Watan alkyş okap bakanda muňa, ýürek joşa gelip, diller oýandy (G. Ezizow).


Son arananlar: