turklehceleri.org

akrap

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

akrap

[akyra:p], at. 1. asman j. Içýan ýyldyzlar toparyndan bolan ýyldyz. Şems diýerler, Kamar diýerler, Akrap diýerler, Mizan diýerler, Kowus diýerler, Aftap burçundan dogarlar (Mollanepes). 2. Güne esaslanyp ýöredilýän şemsi ýyl hasabynyň 8-nji aýynyň ady, milady senesiniň 22-nji oktýabryndan 21- nji noýabr aralygyna laýyk gelýän aýyň ady; güýzüň ahyry. Akrapda urmadygymy, ahyretde-de urmaryn (Nakyl). Ýüpden boşan däli ýaly, Akrap girdi külbejigme. Akrap ogşan ýaňaklary, Çygly gül dek buldurap dur (K. Gurbannepesow). Akrabyň öň ýany, güýzüň günüdi, Howaň çigregi bar, ýagypdy ýagşam (M. Seýidow). 3. Düýäniň owsaryna dakylýan dört dişlije demir.


Son arananlar: