turklehceleri.org

ajy

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

ajy

[a:jy] I, syp. 1. Kekräniňki ýaly ýakymsyz ýiti täsir ediji tagamly; süýji sözüniň garşylykly manysy. Ajy sogan. Ajy burç. 2. gepl.d. Tirýek, neşe. Onuň ajydan habary bar diýýärler. 3. göç.m. Erbet söz, gaty-gaýrym söz. Ajysy bolmadygyň süýjüsi bolmaz (Nakyl).
 ‣ Ajy çaý atymy gereginden artyk düşen, köp atylyp demlenen çaý. Ajy deriňi dökmek der döküp, zähmet çekmek. Ajy diliňi ýetirmek birini duzlamak, ajyňy pürkmek, diýmesiz gepi diýmek. Ajy habar ölüm, aýralyk, pajygaly waka bilen bagly habar, şum habar. Ajy habar ýyldyrym çaltlygynda ýaýraýar (B. Kerbabaýew). Ajyňy pürkmek (dökmek) biriniň ýüzüni almak, söz bilen dalamak, birine ýakmaz söz aýtmak, gaharlanyp, ýoknasyz zat diýmek. Ajy söz kemsidiji, göwne degiji söz, gyjytly aýdylan ýakmaz söz. Ajy ýaş pajygaly ýagdaý, ölüm, zorluk-sütem zerarly dökülýän gözýaş. Ajy ýylgyrmak närazylygy, kinäni, gyjydy hem beýleki käbir içki duýgulary ýylgyryş bilen aňlatmak, bildirmek.


AJY [a:jy] II, at. Dokaljak halynyň ýüpüni, argajyny ýumşatmak üçin bugdaý dänesinden ajadylyp alynýan suwuklyk.


Son arananlar: