turklehceleri.org

ajal

Özbekçe—İngilizce Sözlük (Dirks, 2005)

ajal

(time of) death. ~i yet- to have one's time be up. ~ olsin/~idan besh kun burun before its time. ~ haydab kelgan Ekan said of one who dies in a certain place he has just traveled to.

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

ajal

at. Ölüm pursaty; ölüm, kaza. Kim galar görmeýen ajal hilesin (Magtymguly). Ajal töweregne guranda duzak, Ýatypdyr geplemän, ýatypdyr uzak (K. Gurbannepesow).
 ‣ Ajala el bulamak janyň üçin howply iş etmek, janyňy howp astyna salmak. Ajal alsyn! sög. s. Ajalyň ýetsin, kazaň dolsun, ömrüň kesilsin, ölüm ýygnasyn. Ajal dony kepenlik mata, kepen, köpün. Aşyk Hemra diýer, ajal donuny, Biçişeli, han Saýadym, ne diýr sen? (“Saýatly – Hemra”). Ajal guşy ölüm habarçysy, ölüm sawçysy, ölüm. Ajal guşy uçup baran, gaýdyp gelmez onda baran, Özün pälwan tutup ýören, Şiru-peleň, piller galmaz (Seýdi). Ajal oky ölüm oky, ölüm sebäpkäri. Ajalyňa howlukmak ser. Ajala el bulamak. Näme, ajalyňa howlugýarmyň? (B. Kerbabaýew). Ajaly ýetmek ýaşaýyş möwriti gutarmak, ölüm pillesi tutmak, ölmek möhleti ýetmek, ölmek. Ajaly ýeten tilki hinine bakyp uwlar (Nakyl). Kast edip janymga ýetse ajalym, Bu ýerde hem bolsa tapar, Azadym (Magtymguly). Ajal ýakaňdan tutmak ajalyň ýetmek, başyňa ölüm düşmek. Ajal gelip tutar ýakaňdan, bilgin, Bäş günlükdir, göwün ýykanyň galar (Baýly şahyr).


Son arananlar: