agralmak
Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)
agralmak
[ağralmak], işl. 1. Agramy artmak, agramy köpelmek. Goýun bir aýda üç kilo agralypdyr. 2. Nämedir bir zadyň möçberi, mukdary artmak, sany köpelme. Süri öten ýylkysyndan has agraldy. 3. Belli bir sebäbe görä ýagdaýy kynlaşmak‚ agyrlaşmak, kyn ýagdaýda galmak. Bolan çaknyşykdan soň, onuň ýagdaýy has agralypdy (B. Kerbabaýew). 4. Ýaltalyk, näsaglyk we ş.m. zerarly süňňüňe agyrlyk aralaşmak, ýere siňip barmak. Ol ýany ýere degenden, barha agralyp, irkiljiräp ugrady (B. Gurbanow). 5. Dem almagy kynlaşdyryjy derejede petiş bolmak. Otagyň howasy birden agraldy (G. Kulyýew). 6. göç.m. Göwrelilik möhleti dolaňkyrlamak, çaga dogar wagty ýakynlamak. Ýaş gelin agralany üçin, lukmana ýygy- ýygydan görnüp başlady.