turklehceleri.org

Seretmek

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

seretmek

işl. 1. Birine ýa-da bir zada garamak, äňetmek, göz dikmek, nazar salmak. Ol oňa gözlerini mölerdip seretdi (B. Kerbabaýew). 2. Garaşyk etmek. Ýetim çagalara seretmek. 3. Idetmek, bakmak. Mallara gowy seredip bildiňizmi? 4. Göz-gulak bolmak, esewan bolmak. Bar, nahara seret! 5. Barlap görmek. Lukman gözüme seredip, oňa näme bolandygyny anyklady. 6. Derňemek; seljermek. Jenaýat işine seretmek. Iş toparynyň agzalary taslama seredip, öz pikirlerini aýtdylar. 5. Ýygnagyň, maslahatyň we ş.m. gün tertibine girizmek, garamak. Ýygnakda köp meselä seretmeli boldy. 6. Bir zady bejermek, düzetmek, işlär ýaly etmek. Maşynyma hemişe bir ussa seredýär. 7. Seretmek işliginden soň oturmak, durmak, ýörmek kömekçi işlikleri gelip, täze manyly düzümli işlik ýasalýar: Seredip oturmak oturan ýeriňden dowamly seretmek. Seredip durmak dik duran ýeriňden dowamly seretmek. Seredip ýörmek aýak üstünde gezip ýörkäň daş-töwerekdäki zatlara dowamly seretmek.


Son arananlar: