Läle
Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)
läle
[lä:le] I, at. Gyzlaryň üýşüp ýa-da ýekelikde sazsyz aýdýan aýdymy (halk döredijiliginiň bir görnüşi).
‣ Läle kakmak belli bir heňde läle aýtmak.
LÄLE [lä:le] II, at. 1. Gyzyl reňkli gül. Ýaňagyň misli läledir, Bakyşyň janym aladyr (“Şasenem – Garyp”). Açyldy zemin lälesi, Üşbu dünýä reýhan bu gün (Magtymguly). Zeminiň lälesi, asmanyň aýy, Dünýäniň göwheri-käni, Ogulbeg (Kemine). 2. göç. m. Söýgüli gyz (esasan birinji şahsyň degişlilik goşulmasyny kabul edýär). Emma, düşün, läläm, şeýle gün dogar: Saçlaryň nur bolup, üstüme ýagar (G. Ezizow). 3. Gyza dakylýan at.
‣ Läle ýaly kir-kimiri aýrylyp, reňki gowy açylan (ýuwlan eşik hakynda).