turklehceleri.org

Gedaý

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

gedaý

[geda:ý], at. 1. Dilegçilik edip eklenýän adam, gapy-gapy aýlanyp güzeran dolaýan adam, dilegçi. It gedaýdan gorkar, gedaý hem itden (Nakyl). Malyny küýseme berimsiz baýyň, Il gezdikçe gözi doýmaz gedaýyň (Magtymguly). 2. göç.m. Garyp, hiç zady bolmadyk, ýoksul, mätäç. 3. göç.m. Ykmanda, sergezdan. Ol öýünde tapdyrmaz, mydam gedaýdyr.
 ‣Gedaý düşmek (galmak) eklenç üçin serişdesiz galyp, garyp düşmek, güzeran dolandyryp bilmän ýörmek. Gedaý gezmek zat diläp el sermek, güzeran görmek üçin gapy-gapy aýlanyp, dilegçilik etmek, gedaýçylyk etmek. Gedaý goýmak eklençsiz, serişdesiz galdyrmak, garyp düşürmek, tozdurmak.


Son arananlar: