Eýle
Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)
eýle
hal. 1. Ol tarap, ol ýan, ol ugur. Eýlesi gözýetmez ekinzarlyk. 2. Bir zadyň beýleki ýüzi, tarapy, beýle. Çapadyny eýlesine öwür! 3. Şeýle, şu hili, şu zeýilli. – A gyz, eýle bolsa, ýeke gitme, menem gideýin! – diýdi (B. Soltannyýazow).
‣Eýlesine geçirmek özümki diýip hasap etmek; öz eýeçiligine geçirmek. Sözaýdyjy barany düýn weli, eýýämden gyzy eýlesine geçirendirin öýdýär.