turklehceleri.org

Deň

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

deň

syp. 1. Ululygy, hili, hukugy, ähmiýeti we ş.m. boýunça biri-birlerine meňzeş bolan. 2. Barabar, laýyk, bap. Onuň sözi bilen işi deň gelýär. 3. Ýaşytdaş, boýdaş, deň-duş. Myrat-maksat köýen çaglar, Deň bilen duşlar, hoş galyň (Hatam şahyr). 4. Deňiç, çenli. Şu güne deň näme işlediň?
 ‣ Deň bolmazlyk özi ýaly bolmazlyk, parhly bolmaklyk. – Şu köpbilmişler bilen deň bolmaýyn – diýip, içini gepletdi-de, ýaşmak aşagyndan salykatly gürledi (R. Allanazarow). Deň gara gözli barysy-da meňzeş, deň, parhsyz, tapawutsyz. Onuň üçin hemme adam deň gara gözlüdi. Deň gözde görmek (garamak, seretmek) hemmelere deň garaýyş bilen seretmek, hemmeleri deň tutmak.


Son arananlar: