şagal
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
şagal
[şağal], at. 1. Itler maşgalasyndan bolan, köplenç, maslyk bilen iýmitlenýän ýyrtyjy haýwan. Şagal awun şir iýmez (Nakyl). Gawunyň ýagşysyn şagal iýr bolsa, Namarda duş etdiň ýaryň ýagşysyn (Magtymguly). 2. göç.m. Mekir, hilegär, kezzap.
‣ Şagala şam bolmak zähmetiň hözirini dahylsyz adam görmek. Der döküp gazananyňy şagala şam etme. Şagal mesligi az wagtlyk dowam edýän şagalaň, oturylyşyk, keýp-sapa. Şagal mesligini etmek.