turklehceleri.org

ýeňse

Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)

ýeňse

at. 1. Kelläniň yz, arka tarapy.Utulan ýeňsesini gaşar (Nakyl). 2. Bir zadyň arka, art tarapy. Aýlaryň şatlygyna bilbil heň etdi, Şol wagt ýeňseden bir göwre ýetdi (B. Kerbabaýew).
 ‣ Ýeňse (ýeňsäni) bermek yza çekilmek, tesmek, gaçmak. Ýeňse damaryň gatamak gaharyň gelmek, erbet görmek. Ýeňse damaryňdan tutulmak ser. Ýeňse damaryň gatamak. Ýeňsesi ýapylmak durmuşa çykarylmak. Ýeňsäňden tutulmak ser. Ýeňse damaryň gatamak. Ýeňsäňi gaşamak 1) pikirlenmek, oýlanmak. Ol ýeňsesini gaşap, ýarymgöwün halda howla girdi.2) müýnli bolmak. Ol egnini gysyp, ýeňsesini gaşamaga durdy. Ýeňsäňi görkezmek gitmek, gaçmak. Nurjahan ýaly gudaçylyga geläýse-de, tizräk ýeňsäňi görkez diýjek (B. Kerbabaýew). Ýeňsäňi el ýaly etmek ser. Ýeňsäňi görkezmek. Işleýşiňiz şu bolsa, ussa agalar, ýeňsäňizi el ýaly ediberiň! (B. Gulow). Ýeňsäňi tüňňertmek närazylyk bildirmek, öýkelemek. Ol ýeňsesini tüňňertdi, öýkeledi... (B. Kerbabaýew).


Last searches: