turklehceleri.org

ýeň

Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)

ýeň

at. Ýeňli eşikleriň uzaboýuna el sokulýan bölegi. Ýigitler bilini berk guşap, ýeňlerini tirsegine çenli çermäpdir.
 ‣ Ýeň astyndan ogryn, gizlin. Ýeň astyndan töweregine ser saldy, Kenara ýetmäge ara az galdy (A. Kekilow). Ýeň bermezlik öz aýdanyňa boýun etdirmek üçin, öz gepiňi gögertmek üçin ýol bermezlik, iliň diýenini unamazlyk. Ýeň çermeşmek biri bilen gaharlanyşmak, herrelişmek, urşaýjak bolmak, biri-birine dyzaşmak. Bular şol dazarylyşyp barmaşa hatda ýeňlerini çermeşdiler (A. Gowşudow). Ýeňiňi dişlemek haýran galmak, geň görmek; uýalmak. Meňli hanym ýeňin dişläp, Bizden ki uýat eýleýir (Magtymguly).


Last searches: