ýanjyk
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
ýanjyk
[ýa:njyk] I, at. Köplenç, çopanlaryň çakmak, çakgy, otluçöp ýaly ownuk zatlaryny salyp, ýanlary bilen göterýän gaýyş gaby. Hoşgeldi gaýyş ýanjygyny omzundan asyp, jaýa girdi (A. Gowşudow).
ÝANJYK [ýa:njyk] II, at, ser. Ýanbaş.
‣Ýanjygy ýazmazlyk bir işi ýerine ýetireniň bilen hiç zat bolmazlyk. Et diýlenini edeniň bilen ýanjygyň ýazasy ýok.