ýal
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
ýal
at. 1. Ite berilýän iýmit. Ite ýaly az berseň, gapyňdan garamaz (Nakyl). Gülruh eje-de şondan soň beýnisi sarssa-da, Alabaýyň sesine çydap, oňa ýal berip ýör (O. Ödäýew). 2. gepl.d. Nahar, iýmit. Ýaltanan ýal tapmaz, tapsa-da, bol tapmaz (Nakyl).
‣ Ýala gelmek – köpege gelmek. Ýal ýagysy işlemän iýmäge ymtylýan, edýän işi iýenine degmeýän, iýenini ödemeýän; elinden zat gelmeýän, iş başarmaýan. Ah, sizden hiç haçan abraý ýokdur, bir topar ýal ýagylary (A. Durdyýew).
ÝAL [ýa:l], at. Käbir haýwanlaryň boýnunyň üstünde zolak bolup ösýän ösgün gyl. Ýaman ata ýal bitse, ýanyna ýanlyk baglatmaz, ýaman kişä mal ýetse, ýanyna goňşy gondurmaz (Nakyl).
‣ Ýalyň agarmak ýaşy bir çene ýetmek; garramak, sakgaly, saçy agarmak.