äýnek
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
äýnek
[ä:ýnek] I, at. Görejiň görşüni gowulandyrmak ýa-da gözi gaty ýagtydan goramak üçin göze dakylýan enjam. Ol aňyrdan gelşine biziň bilen salamlaşdy-da, äýnegini dakynyp, heýkele syn etmäge durdy (T. Taganow).
ÄÝNEK [ä:ýnek] II, at. 1. Nowanyň iki başynda goýlan gysga ýasy tagta. Guýynyň başyndaky nowanyň äýnegini täzelediler.2. Gaýygyň içinden keseligine geçýän, iki gorumy birikdirýän agaçlar.