ä
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
ä
[ä:] I, Türkmen elipbiýiniň altynjy harpy.
Ä [ä:] II, own. b.1. Beren soragyňa jogap aljagyňa ynam bolan halatynda sorag äheňli jümläni hasyl etmäge gatnaşýar. Kakaň öýdedir-ä? Ol gelendir-ä.2. Degişli äheň bilen aýdylyp, geň galmaklygy, haýran galmaklygy aňladýar. ...Ä, sen hem ýüpsüzje baglangyja diýsene! (B. Kerbabaýew). 3. Açyk, düşnükli aýdylman, sakynyp geplenende aýdylýar. Ä ... hüm, ynha, görüp dursuň!4. Gymyldyny-hereketi dogrudan-dogry bir zada ýa-da birine gönükdirmeklik öwüşginini berýär. Bazara barsaň-da, üzüm-ä getirmänsiň!