turklehceleri.org

meýdan

Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)

meýdan

[meýda:n], at. 1. Düz ýer giňişligi, boş, takyr ýer, boşluk ýer. Ynha, ýazyň şeýle gözel görnüşli paslynda, al-ýaşyl gülälekli giň meýdanyň ortasynda ýaşyl donuny ýapynan depäniň üstünde bir ýigit otyrdy (H. Derýaýew). 2.Belli bir iş, söweş we ş.m. alnyp barylýan ýa-da ýörite niýetlenen ýer. 3. gepl.d. Içeri däl, daşary, daş; üsti örtülmedik, daşy gabalmadyk ýer. Meýdan örän yssy, durar ýaly däl. Bu ýer bolsa gaty salkyn we örän süýji suwly ýer (“Türkmen halk ertekileri”). 4. göç.m. Çygyr, ugur, çäk, älem. Şygyr meýdany. Sungat meýdany. 5. Oglana dakylýan at.
 ‣Meýdana gitmek (çykmak) aýakýoluna gitmek, buşukmaga gitmek, täret etmäge gitmek. Meýdan düşelgesi ekin ekilýän, hasyl ýygnalýan ýerlerde adamlaryň arakesme wagtynda düşleýän, nahar edinýän, dynç alýan ýeri, bassyrma. Gowaça meýdanlaryndaky meýdan düşelgeleri hem örän giň edilipdir (B. Pürliýew).Meýdan etmek aýakýoluna oturmak, täret etmek.


Last searches: