wagşyýana
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
wagşyýana
[wağşyýa:na], syp. 1. Wagşylara mahsus bolan, wagşyçylyk bilen edilýän hereket, ýyrtyjylykly. Olaryň wagşyýana birehimlik bilen atýan oklarynyň ýekejesi-de boş geçenokdy (G. Kulyýew). 2. göç.m. Wagşy haýwan ýaly, elhenç. Olaryň bogaz ýyrtyp, ýer ýumruklap, wagşyýana gygyryşlary howsala salyp, heziliňi gaçyrýardy (“Edebiýat we sungat”).