turklehceleri.org

wagt

Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)

wagt

[wağyt], at. 1. filos. Barlygyň hereketi bilen jebis baglanyşykly ýagdaýda üznüksiz we yzygiderli dowam edýän ählumumy ýaşaýyş şekili; zaman. Hemme zat şerte, ýere we wagta baglydyr. 2. Zamanyň asyrlar, ýyllar, günler, sagatlar we ş.m. bilen ölçelýän we ähli wakalaryň, ähli bolup geçýän zatlaryň ýaşaýyş dowamlylygyny bildirýän akymy. 3. Sagatlaryň, günleriň, ýyllaryň yzygiderli çalyşýan dowamynyň ölçegi ýa-da ölçeg ulgamy. Aşgabat wagty bilen sagat on. Ikindi wagty. 4. Sagatlaryň, günleriň, ýyllaryň yzygiderli we dowamly çalşygyndaky bolup geçýän, bir maksat üçin niýetlenen ýa-da bir maksat üçin peýdalanylmagy mümkin bolan müddet aralygy, pursat. Wagtdan dogry peýdalanmak. Wagty elden bermezlik. 5. Günüň, ýylyň dowamynda bir işiň, wakanyň, hadysanyň bolýan ýa-da bolup geçýän, ýaşaýan belli bir möwriti, pursaty. Agşam wagty. Ýagyşly wagt. Gündiz wagty.
 ‣ Wagty bilen gelmeli, gitmeli, turmaly we ş.m. gymyldy-hereket etmeli wagtyndan geçirmän, wagtyndan gijikdirmän. Başlygyň ýanyna girmekçidim weli, öňümden giren adam wagty bilen turmady. Wagtyňy hoşlamak (çaglamak) keýpiňi köklemek, şatlanmak, hezil etmek. Jeren atym münüp, wagtym çaglaýyp, Gijeler gowuşyp gülen ýerlerim (Seýdi).


Last searches: