uçganaklamak
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
uçganaklamak
[uçğonoklomok], işl. 1. Köp sanly uçganak gaýmalamak, uçganak ýaýramak, uçganak-uçganak bolup syçramak. Howada gar syrgynlary uçganaklaýardy (B. Seýtäkow). 2. göç.m. Ot ýaly çalasyn hereket etmek, gymyldamak. Uçganaklap duran ýigit. Olaryň gelni uçganaklap hyzmat edýärdi.3. göç.m. Şatlyk alamaty duýulmak, uçaýjak ýaly bolmak. Onuň ýüzündäki şatlyk uçgunynyň uçganaklany bildirdi (H. Derýaýew). Uçganaklap duran mele at.