telekeçi
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
telekeçi
at. 1. Her bir zadyň aladasyny wagtynda edýän, her bir zady ýerbe-ýer edýän. Ol maşgalasöýer we örän telekeçi adam bolupdyr. 2. Söwda-satykdan, täjirçilikden we ş.m. haýyr, peýda görmek üçin meşgullanýan, iş alyp barýan, önüm öndürýän adam. Önüm öndürýänler we telekeçiler yzygiderli höweslendiriler (Gurbanguly Berdimuhamedow, Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr).
‣Hususy telekeçi döwlet salgyt gullugy tarapyndan ýaşaýan ýeri boýunça kanunda bellenen tertipde bellige alnan, ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahs.