süýji
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
süýji
[süýjü] I, syp. 1. Ýakymly tagamy bar bolan, tagamly. Süýji suwlary tygşytlamak meselesine goşant goşdy (“Edebiýat we sungat”). 2. göç.m. Lezzet berýän, ýakymly, mylaýym. Süýji söz.
‣ Süýji içege on iki barmak mal içegesiniň ýogyn içegä golaý iýilýän bölegi. Süýji keseli ganyň düzüminde gandyň köpelmegi bilen bagly döreýän kesel.
SÜÝJI [süýjü] II, at. Gant, kemput, nabat ýaly önümleriň umumy ady. Hawa, hawa, şeýt, ol betbagtlaryň çaýy, nasy, süýjüsi hem adamyny maýyrjak (A. Durdyýew).