suw
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
suw
at. 1. Wodorodyň we kislorodyň himiki birleşmesi, reňksiz dury suwuklyk. Suw akar, daş galar, ýat gider – garyndaş galar (Atalar sozi). 2. Gök önümlerden, miwelerden sykylyp alynýan suwuklyk. Alma suwy. Käşiriň suwy. Üzümiň suwy. Hyýaryň suwy. Şugundyryň suwy.
‣ Suwa girip, suwdan gury çykmak her bir zatdan baş alyp çykyp bilmek. Suwa salma etmek pugta ýençmek, urmak. Suwa söýenmek biderek adama bil baglamak, ynanmak. Suw bermek pyçak, gylyç ýaly sowuk ýaraglar ýasalanda, taplananda olaryň berk bolmagy üçin gyzdyryp suwa, ýaga taşlamak usuly. Suw içen ýaly ökde. Suw içim salym (wagt) örän az wagt, sähelçe wagt. Suw içim salym geçmänkä, yzymyza dolandyk. Suw ogurlamak ýara azyp, içine iriň ýygnanmak, beterlemek. Suw seňrikden agmak boljak iş bolmak, bolup gutarmak. Suw sepilen ýaly bolmak galmagal, gürrüň birden ýatmak. Suwuna degmek 1) birine pugta käýemek, birini ýençmek, urmak. Ol Geldiniň suwuna degdi. 2) seýislemek maksady bilen aty suwa ýakyp, uzak bolmadyk aralyga çapdyrmak. Suwuny almak öň suw berlip ýasalan zady otda gyzdyryp ýumşadyp, soň işlemek, bejermek. Suwy düzgün etmek suwy pellere, joýalara akar ýaly etmek. Suwy süýjemek bişip ugramak. Suwy süýjän üzüm. Suwy ters akdyrmak ökde, sowatly bolmak. Suw ýaly çaga örän ýaşajyk çaga. Suw ýaly okamak sakynman, örän gowy okap bilmek. Suw ýaly ýarag örän göni hem oňat atýan ýarag, hiç kemi bolmadyk ýarag. Üzümiň suwy ýaly ser. Üzüm.
Index of Diwan Lughat al-Turk (TDK)
suw
su· I, 15, 20, 31, 73, 75, 79, 95, 140, 144, 155, 164, 168, 172, 177, 179. 186, 191, 194, 212, 218, 222. 246. 258, 276, 294, 312, 314. 315, 325, 369, 374, 375, 379, 387, 389, 396, 401, 424. 440, 443, 449. 450, 459, 560, 492, 493, 520, 525, 528;II, 3, 4, 5