raý
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
raý
[yra:ý] I, at. Bir zada bolan isleg, niýet, göwün, meýil, pikir. Aşyk bolan magşuk raýyny ýykmaz (Magtymguly). Ol atynyň başyny çekip, raýyna goýberdi.
‣ Raýyny ýykmazlyk göwnüni ýykmazlyk, göwnüni syndyrmazlyk. Çaganyň raýyny ýykmaň.
RAÝ [yra:ý] II: raý bolmak çaşmak, bihuş bolmak, huşuňy ýitirmek, özüňden gitmek. Raý bolan çaga ýaly, çiň arkan gaýyşdy (“Edebiýat we sungat”).