turklehceleri.org

nogta

Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)

nogta

[noğto], at. 1. Ýaşajyk göleleriň, köşekleriň we ş.m. mallaryň kellesine kelleki görnüşinde salyp, itmek, daňmak üçin ýüpden edilen enjam. Häzir gölämize nogta eder ýaly ýüp işdirýän (A. Durdyýew). Atyny bir giň ýola salyp, nogtasyny arabanyň gorumyna ildirip ýatdy (A. Ahundow- Gürgenli).2. göç.m. Erk, ygtyýar. Öz nogtasyny öz enesine tabşyrýan ýigitden men-ä näme tama edip boljagyny bilýän däldirin (B. Kerbabaýew).
 ‣Nogta salmak erk-ygtyýaryny elinden almak, öz ugruna gidermezlik. Nogtasyny başyna oramak näme bolsa, şo bolsun etmek, öz ugruna goýbermek, çäklendirilmedik ygtyýar bermek. Nogtasyny ele almak özbaşdak hereket etmekden mahrum etmek, erk bermezlik, ygtyýaryny almak. Nogtasyny eline bermek erk bermek, özbaşdak hereket etmäge ygtyýar bermek.


Last searches: