maňlaý
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
maňlaý
at. 1. Adamyň kellesiniň gaş bilen saçynyň, haýwanyň göz bilen şah çykar ýeriniň aralygyndaky ýer, alyn. Maňlaýy bir garyş, bolsun at ýüzli, Tawus guş simaly, ütelgi gözli (Magtymguly).Ylaýta-da onuň giň maňlaýy, mydama ýylgyrmaga taýyn duran mylaýym ýüzi oňa ýarady (B. Seýtäkow). 2. Käbir zadyň öň ýüzi, alyn tarapy. Jaýyň maňlaýyndaky mähnet sagadyň peýkamlary dokuza golaýlaýany üçin, tamyň ikinji gatyna çalasyn dyrmaşýardylar (B. Kerbabaýew). 3. göç.m. Bagt, ykbal, ýazgyt, täleý.
‣Maňlaýa ýazylmak (çyzylmak) geljegiň öňünden belli edilip goýulmak, täleýde bar bolmak. Näme-de bolsa maňlaýa ýazylandyr, ondan gaçyp gutulmak bolmaz (B. Seýtäkow). Maňlaýdakyny görmek ykbalyňa kaýyl bolmak, ýazgydyňa gelenini başdan geçirmek. Ahyry bolmasa, senem maňlaýdakyny gör (“Görogly”). Maňlaý deriňi saçmak der döküp zähmet çekmek, köp işlemek. Maňlaý işi bagt, täleý, ýazgyt işi. Aý, bu zatlar maňlaý işi-dä! Maňlaýy açylmak biri bilen durmuş gurmak, bagtyň açylmak. Maňlaýy gara bagtsyz, işi şowuna düşmeýän, şor maňlaý. Maňlaýy gaty ser. Maňlaýy gara. Maňlaýy kessir bermek göni maňlaýyna urmak. Maňlaýyna ýelmemek 1) açyk aýtmak, diýmek, aýbyny, etmişini göni ýüzüne diýmek. 2) bir zady gaharly eltip bermek, üstüne zyňmak. Şol kagyzynam maňlaýyna ýelmäp gaýtsana! Maňlaýyndan çykmak biri ýa-da bir zat duş gelmek, ýazgyda görä sataşmak, duçar bolmak (köplenç, durmuş gurmaly bolan äriň ýa-da aýalyň hakynda). Maňlaýyndan diremek kömeketmek, ýardam bermek, kyn günde goldamak, alnyndan diremek; kyn ýagdaýda hossar çykmak, hemaýat etmek. Maňlaýyň ak (açyk) bolsun! "bagtly bol, alnyň-bagtyň açyk bolsun" diýen manydaky alkyş. Maňlaýyňa sylmak (sürtmek) ýagşy niýeti, gowy zady özüň üçin arzuw etmek, "bize-de ýetirsin" diýen umytda bolmak. Maňlaýyňa urmak ser. Maňlaýyňy ýumruklamak – Al gerek bolsa saňa! – diýip, maňlaýyna urdy-da, oturgyja özüni goýberdi (H. Derýaýew). Maňlaýyňy çytmak 1) bir zada närazy bolmak, närazylyk bildirmek, razylaşman nägile bolmak. 2) birzady kyn görmek. Hakykatdan-da, şol sözi eşiden gelniň maňlaýy biraz çytylyp, gözleri buldurap göründi (B. Kerbabaýew).Maňlaýyňy diremek hemaýat üçin bir ýere ýüz tutmak, goldaw bolar diýen umyt bilen bir ýere, biriniň ýanyna baryp synanyp görmek. Maňlaýyňy ýumruklamak bir zat üçin ökünmek, gaty gynanmak, ahmyr etmek, öz-özüňi köteklemek. Maňlaýy şor ser. Maňlaýy gara. Ýöremedi, şum maňlaýym şor boldy (M. Garryýew).Maňlaýy ýok bagtsyz, betbagt. Aý, asyl meniň maňlaýym ýok eken!