küji
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
küji
[küjü], at. Dokalýan dokmanyň erşine bat berýän, erişleriň ornuny çalşyrýan halka görnüşli ýüp.
‣Küji agajy daşyna küji ýüpi aýlanýan, dokmanyň erşini ýokary göterýän, dokmanyň ini bilen deň togalak agaç. Küji galdyrgyç küji agajynyň iki ujunyň aşagynda goýulýan, palçykdan edilen dikeç, küji ýassyk. Küji susmak küji dokmanyň erşine gyradeň barmadyk wagtynda el bilen eltmek. Küji ýassyk ser. Küji galdyrgyç. Küji ýüp küji etmek üçin ýörite bükdürilen ýüp.