kelle
Turkish to Pure Turkish Dictionary (Kuleli, 2013)
kelle
[Köken: Farsça] Baş
Turkish—Tatar Dictionary (Ganiyev, 1998)
kelle
и. 1) баш, баш түбәсе; 2) данә, баш; iki kelle lahana ике баш кәбестә; 3) башак
Comparative Turkic Languages Dictionary (Ercilasun, 1991)
kelle
Türkiye Türkçesi: kelle
Azerbaycan Türkçesi: källä
Başkurt Türkçesi: baş
Kazak Türkçesi: bas
Kırgız Türkçesi: baş
Özbek Türkçesi: källä
Tatar Türkçesi: baş
Türkmen Türkçesi: kelle
Uygur Türkçesi: baş källä
Rusça: golova
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
kelle
at. 1. Adamyň ýa-da haýwanyň beýnisini gurşaýan göwrümli süňkden ybarat agzasy, baş. 2. Bir zadyň esasy bölegi, başy, ýokary ýa öň tarapy. Otlynyn kellesi. Çüýüň kellesi. Tuduň kellesi. 3. göç.m. Akyl, huş, paýhas, aň. Bu zatlar onuň bedenini gowşatsa-da, kellesine täsir edip bilmändi (B. Seýtäkow). 4. göç. m., gepl. d. Baştutan, ýolbaşçy (adam hakynda). Her kimiň bir kelle bolup, öz täleýini özi çözýän döwri geçdi (B. Seýtäkow).
‣ Kelle bermek agajy pudap, ujundaky esasy öserini goýup, şaha ýaýradar ýaly etmek. Çybyklaryny kesip, üzüme kelle berdiler. Kelle döwmek (agyrtmak) bir zadyň üstünde köp oýlanmak, pikir öwürmek, uzak pikir etmek. Kellesine taýak degen ýaly saňsar ýaly bolmak. Kellesini hyzlandyrmak Kellesini kesmek. Kelle ýaýkamak 1) bir zada haýran galmak, geň galmak, agzyňy açmak. 2) bir işe ahmyr etmek, ökünmek.Emma onuň kelläni ýaýkamakdan başga alajy ýokdy (K. Berdiýew). Kellä gelmek (gelmezlik) bir zat ýada düşmek, huşa, hakyda gelmek; ýatlamak, pikiriňe gelmek.Şundan maňa zeper ýeter diýip, ýatsam-tursam kelläme gelenokdy (T. Gurbanow). Kelläň çişmek pikir edip ýadamak, oýlanyp beýniň ýadamak. Okap-okap kelläm çişdi. Kelläňe turşy çykmak akylyň çaşmak, aňkaň aşmak, bilýän zadyňy derrew ýadyňdan çykarmak. Kelläň göçmek şowhun-şagalaňa göterilmek, bir zada keýpiň göterilmek.Hatda kelleleri göçen küştçüleri hem şol wehim dagatdy (A. Gowşudow). Kelläň gyzmak bir işe ýa-da bir zada gyzykmak, bar oý- pikiriň bilen bir zada berilmek; bir zatda aşa gitmek. Biraz kellesi gyzandan soň, ol myhmanlaryny unutdy. Kelläňi etegiňe salmak bir iş üçin janyňdan geçmek, näme bolsa, şol bolsun etmek. Kelläň işlemek etjek işiňi gowy bilmek, ederiňi bilmek, her bir zada göz ýetirmek.