jüýpjüýp
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
jüýp-jüýp
s. ş. aňl. söz.1. Käbir guşlar saýranda çykýan ses. Şol gözel joşgun bilen saýraýan torgaýlaryň jüýp-jüýbi eşidilýärdi (B. Kerbabaýew). 2. Jüýjeler çagyrylanda birnäçe gezek gaýtalanyp aýdylýan söz.
‣Jüýp-jüýp ýaly bolmak horlanyp kiçelmek. – A gyz, pylany jüýp-jüýp ýaly bolaýypdyr-la, oňa näme bolýarka?