turklehceleri.org

heň

Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)

heň

I, at, sazç.1. Belli bir saz owazyny emele getirýän, sazlaşykly çykýan bir ýa-da köp sesli owaz. Umuman, onuň aýdýan aýdymlary öňki gulaga tanyş heňler däldi (G. Ezizow). 2. Edähet, öwrenilen gylyk. Öňki heňine başlamak.
 ‣Heňe gelmek esasly, delilli, sebäpli bolmak, ugrunda bir zat bar bolmak, tasa gelmek. Heňe gelmezlik esassyz, sebäpsiz, delilsiz bolmaklyk.


HEŇ II, at. Zaýalanmak, çüýremek, könelmek zerarly emele gelýän,kerep.


Last searches: